MEDENIÝET

Sakarly maşgala aýdym-saz topary Medeniýet hepdeliginde çykyş etdi

Ahal welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäreleri Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda degişli ugruň hünärmenleri
döredijilik toparlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, täze eserleri döretmek işini ilerletmäge we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen öňdebaryjy tejribelerdir usulyýetler barada pikir alyşdylar.
Soňra maşgala aýdym-saz toparlary halk we döwrebap aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda Saýat etrabynyň Sakar şäherinden Atakowlaryň maşgala aýdym-saz topary hem bar.