Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat
etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
şanyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaş zenanlar,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we kümüş saçly enelerimiz gatnaşdylar.
Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny aýratyn bellediler.
Sakardaky maslahat 2025-nji ýylyň adyna bagyşlandy

20
Jan