JEMGYÝET

Sakarda tebigatyň goýnunda aýdym-sazly dabara geçirildi

Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň miweli bagynda Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik
guramalary bilen bilelikde guramagynda “Bahar gelse Diýara, keşde çekýär ýaýlama” ady
bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlary, folklor toparlary, çagalar sungat
mekdepleriniň okuwçylary pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynyň gözelliklerini,
güneşli Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen dabaranyň
şowhunyny has-da belende galdyrdylar. Ýaşajyk suratkeşleriň türkmen tebigatyny wasp edip
çeken surat eserleri bolsa ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: