MEDENIÝET

Sakarda şäher çagalar sungat mekdebinde zehinli dutarçylaryň uly topary ýetişdirilýär

Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinleri ýüze
çykarmak boýunça «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Saýat etrabynyň Sakar
şäher çagalar sungat mekdebimiziň dutarçylar ansambly has şowly çykyş edip, birinji orny
eýeledi.
Şeýle gowy netije mekdebiň dutar bölüminiň Şirin Batyrowa, Maýa Jumagulyýewa ýaly ussat
mugallymlarynyň yhlasly zähmetleriniň netijesidir. Mekdepde döredijilik toparlarynyň
birnäçesi hereket edýär. Olarda ýaşlar öz saýlap alan hünärleri boýunça zehinlerini taplaýarlar. Sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapaklardan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler hem yzygiderli guralýar.
Mekdebiň Reýhan Wepaýewa, Babanazar Bazarow, Mylaýym Hudaýberdiýewa, Häsiýet
Babahanowa ýaly sungata höwesli ýaşlary dutarda halk aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen
ýerine ýetirip, il söýgüsine mynasyp bolýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: