Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyny guramaga gatnaşdy. Bu çäräni etrap häkimligi ýurduň syýasy
partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri bilen bilelikde gurady.
Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabarada etrabyň görnükli sungat ussatlary Esasy Kanunymyzy, ýaşyl tugumyzy, döwlet berkararlygymyzy we bagtyýar ýaşaýşymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döwrebap medeni ojagyň giň zalynda geçirilen maslahat bolsa partiýanyň welaýat komiteti bilen bilelikde guraldy. Onda partiýanyň degişli komitetleriniň wekilleri bilen birlikde etrabyň dürli daýhan birleşiklerinden gelen oba hojalykçylar hem çykyş etdiler.
Sakarda baýramçylyk çäresi geçirildi

16
May