YKDYSADYÝET

Sakarçäge etrabyndaky pagta egirme fabriginde meýilnama 103 göterip amal edildi

Sakarçäge etrabyndaky Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egirme fabriginde meýilnama 103 göterip amal edildi.

Ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan bu kärhananyň zähmetsöýer işgärleri şu ýylyň dokuz aýynda 3954 tonna derek 4096 tonna ýokary hilli ýüplük taýýarladylar. Bu barada «Maru-Şahu jahan» gazeti habar berýär.

Bu kärhanada 5 bölüm hereket edip, işler iki çalşykda alnyp barylýar. Kärhananyň agzybir işgärleri üstümizdäki ýylda 5270 tonnadan gowrak ýüplügi taýýarlamagy maksat edinýär. Şeýle hem, bu ýerde öndürilýän önümler mukdar taýdan artyp, hil taýdan has ýokary derejä çykýar.