MEDENIÝET

Sakar şäherinde Parahatçylyga bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde «Parahatçylyk — pederleriň arzuwy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Çäräni etrabyň jemgyýetçilik guramalary we medeniýet bölümi bilelikde gurady. Dabarada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti hem-de hormatly Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli syýasaty barada çykyşlar diňlenildi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem kitaphana işgärleri tarapyndan taýýarlanan parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk baradaky kitap sergisi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.