YKDYSADYÝET

«Saka» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynyň ýyllyk kuwwaty 5500 tonna barabar

Änew şäherindäki «Saka» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda plastik turbalaryň onlarça görnüşi öndürýär. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 5500 tonna deňdir.

Plastik turbalaryň iň kiçisiniň diametri 16 millimetrden başlap, iň ulularynyňky 600 millimetre çenli ýetýär. Kiçi diametrli turbalar damjalaýyn suwaryş ulgamy üçin niýetlenen bolsa, uly diametrli turbalar lagym, elektrik geçiriji ulgamlarda peýdalanylýar. Bulardan başga-da, damjalaýyn suwaryş enjamlary bolan maýyşgak izolirleýjiler, ýörite gazyklar hem öndürilýär.

Bu ýerde hünärmenleriň 80-e golaýy zähmet çekip, işler iki çalşykda alnyp barylýar. «Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, önümçilikde çig malyň agramly bölegi Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Şeýle hem, ulanyşdan galan polietilen önümler gaýtadan işlenilýär.

«Saka» hojalyk jemgyýetiniň önümleri Türkiýe Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: