MEDENIÝET

Şahyr Ogulnabat Jumaýewanyň ýatlama agşamy geçirildi

Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda şahyr we žurnalist Ogulnabat Jumaýewanyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildi.

Bu çärä welaýatyň käbir etraplarynyň merkezi kitaphanalarynyň kitaphanaçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler edebiýat meýdanynda giň meşhurlyk gazanan Ogulnabat Jumaýewanyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň many-mazmuny, çeperçilik gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Dürli ýyllarda şahyr zenanyň «Köýtendagyň çeşmeleri», «Mähribanymyň keşbi», «Dutaryň owazy» atly kitaplary neşir edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplarynyň sergisi bilen hem tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: