JEMGYÝET

Şahyr Bazar Şalyýew 75 ýaşady

«Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen sarpaly adyň, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa şahyr Bazar Şalyýew 75 ýaşady. Ol 1951-nji ýylyň 18-nji maýynda Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dünýä indi.
Bazar Şalyýew öz obasyndaky 5-nji orta mekdebi tamamlap, 1969 — 1974-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde ýokary bilim aldy. Ol zähmet ýoluna «Ahal durmuşy» gazetinde başlap, soňra welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde işledi. Soňra öz bilim alan mekdebine dolanyp, uzak ýyllaryň dowamynda mugallym bolup zähmet çekdi.
Halypa şahyryň döredijiliginde Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk, Watana söýgi, oba durmuşy, çagalar dünýäsi, ynsanperwerlik, bagtyýar zamananyň waspy esasy orun eýeleýär. Onuň dürli ýyllarda neşir edilen «Ynam», «Hasyl», «Rubagylar», «Älemgoşar» atly goşgular kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Şahyr Bazar Şalyýewiň döredijilik we zähmet ýoly ýaş nesle edebiýata, Watana, halallyga we ynsanperwerlige wepaly bolmagyň nusgasy bolup durýar. Halypa şahyryň 75 ýaş toýy mynasybetli onuň döredijiligine degişli birnäçe goşgularyň okyjylara ýetirilmegi meýilleşdirilýär.