Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly bäsleşiginiň welaýat boýunça saýlama tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşigine welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň medeniýet öýleriniň we merkezleriniň döredijilik toparalry gatanşdylar. Kerki, Halaç, Çärjew etraplarynyň medeniýet merkezleriniň artistleriniň görkezen sahna oýunlary ýokary baha mynasyp boldular. Drama topary boýunça bolsa Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň medeniýet işgärleri gowy çykyş etdiler.

Tapawutlanan toparlar bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: