JEMGYÝETYLYM WE TEHNIKA

Şäherde goýlan monitorlarda ýol hereketiniň kadalary wagyz edilýär

Türkmenabat şäherinde ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmekde, olary dogry we doly berjaý etmegi wagyz etmekde mahabat monitorlaryndan hem peýdalanylýar.
Wideoşekilleriň, suratlaryň, ýazgylaryň kömegi bilen ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisi üçin peýdaly maglumatlar monitorlara çykarylýar. Olarda Türkmenistanda hereket edýän kadalaryň berjaý edilmeginiň ynsan saglygyny gorap saklamakdaky, ömrüniň rahatlygyny saklamakdaky ähmiýeti düşündirilýär. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň maslahat bermekleri we gatnaşmaklary bilen taýýarlanylan bu görnüşler ähli ýaşdaky adamlar üçin düşnüklidir. Özboluşly şekiller bilen bezelen görnüşler hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.
Olar ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýän günleri örän möhüm ähmiýete eýedirler. Biraýlyk her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply