Saglyk we monjuklaryň ”balladasy”
Monjuklaryň dürli görnüşleri zenanlary bezemek bilen birlikde olaryň saglygy üçin iňňän ähmiýetli bolupdyr. Ýantar monjuklar zob keselini bejerýär. Lebaply zenanlar damaksa monjuklaryny dakýarlar. Şeýle monjuklar aýallaryň boýnunyä owadan bolmagynma we olary dürli kesellerden goramaga täsir edipdir.
Taryha nazar aýlasak, ir döwürlerde monjuklar gymmatbahaly halat, ýer bölegi, altyn bilen çalşylypdyr. Her hili daşlardan ýasalan monjuklar bilen juda köp keselleri hem bejeripdirler. Çünki daglaryň goýnundan alynýan daşlar ynsan saglygyna oňaýly täsir edýär.
Zergärleriň ýasaýan monjuklary milli öwýşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Olar mörjewleri ýok etmekde hem ähmiýetlidir.
Monjuklar ir döwürlerden bäri türkmen gelin-gyzlary üçin özboluşly mukaddeslik bolup hakydalara siňipdir. Şonuň üçinem olar Aý aýdyň gijeler bir käsä dürli reňkli monjuklary salyp, öz arzuwlaryny goşgy setirlerine geçiripdirler. Monjuklardan biziň günlerimizde hem eli çeper gyzlar senetçilik eserlerini döredýärler. Şolaryň arasynda talyp gyzlar hem bar.
Monjuklar zenan zynatyna zynat goşýar. Ýantorbalary, gapjyklary, alaja bag, aldymgaç bilen bezäp, ujuny gotazlap, monjuk dakylsa, agramly durýar.
Gyzlar monjuklary ylaýta-da çaga lybaslaryna gelin-gyzlaryň donlarynyň ýeňsizleriniň baglarynyň, zenanlaryň ýaglyklarynyň pürçüklerine dakýarlar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:
”Lagly-merjen, altyn maksada ýetmiş,
Mekan eýläp, galyp ýaryň boýnundan”,
”Zer, tylla-kümüş dükandan, misgine saçmyşam, begler” diýen setirler bilen wasp edilýän monjuklar biziň ajaýyp zamanamyzda senetçilik işlerinde hem öz beýanyny tapýar. Gyzlaryň dürli reňkli monjuklardan döredýän gözelliklerinde olaryň owadan kalplaryndaky ajaýyp duýgular çeper şöhlelendirilýär.
Tawus Orunowa,
Türkmenabadyň lukmaänçylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.