Milletiň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuş taýdan abadançylygynyň, bagtyýar geljeginiň hem möhüm şertidir. Giň gerimli öňüni alyş işleriniň hem-de keselleri irki döwürde anyklamagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň arasynda kesellemegiň derejesini peseltmäge, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulaşmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, halkymyzyň jan-saglygyny ähli zatdan ileri tutýar we ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, ýiti zehinini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň, aladasynyň aýyň alamatydyr.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatynda alnyp barylýan işleriň täze derejelere göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi we kämilleşmegi üçin ähli şerleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Ogulbagt HEMDEMOWA,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany.

