Saglyk merkezlerinde hasabat ýygnaklary geçirildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tertipnamasyna laýyklykda welaýat Çagalar öýünde, «Ene mähri» merkezinde, welaýat inçekesel hassahanasynda, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebinde we Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýünde hasabat ýygnaklary geçirildi.
Ýygnaklarda saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşine girýän ilkinji guramalaryň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada giňişleýin hasabatlar berildi. Şeýle-de geçen ýylda köpçülikleýin şertnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berilmek bilen bir hatarda 2025-nji ýylda amal edilmeli işleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ýygnaklarda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işlerine kanagatlanarly baha berildi.