BIZE YAZYARLAR

Saglyk goragy — bagtyýar durmuşyň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk saglygyny goramak, ilatyň ömrüni uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu beýik tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýylsaýyn kämilleşdirilýär, döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, lukmançylyk edaralary iň täze enjamlar bilen üpjün edilýär.
Darganata etrap hassahanasynyň Gazojak şahamçasynda hem ilatyň saglygyny goramak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän lukmanlar, şepagat uýalary, laborantlar we beýleki işgärler raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Biz üçin iň uly baýlyk ynsan saglygy bolup, her bir näsagyň saglygyny dikeltmek, wagtynda anyk barlaglary geçirmek we öňüni alyş çärelerini guramak mukaddes borçdur.
Feldşer laborant hökmünde gündelik işimizde dürli barlaglary geçirmek, keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga ýardam bermek, anyk netijeler arkaly lukmanlaryň dogry bejeriş usullaryny saýlap almagyna goldaw bermek möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Lukmançylykda her bir barlagyň, her bir görkezijiniň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin öz hünärimize uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, işiň hiline aýratyn üns berýäris.
Berkarar döwletimizde sagdyn nesli terbiýelemäge hem uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy, zyýanly endiklerden daşda durmagy, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegi, dogry iýmitlenmegi babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa geljek nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegine hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda döredilýän şertler bize täze üstünliklere ruh berýär. Şeýle döwrebap mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkymyza ýokary hilli hyzmat etmek, hünär derejesimizi yzygiderli ýokarlandyrmak her bir saglygy goraýyş işgäriniň mukaddes borjudyr.
Biz, Darganata etrap hassahanasynyň Gazojak şahamçasynyň işgärleri, mähriban halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ilatymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşda ýaşamagyna mynasyp goşant goşmak biziň üçin uly mertebedir.

Dürli ÇARYÝEWA,
Darganata etrap hassahanasynyň Gazojak şahamçasynyň feldşer-laboranty.