Saglyk adam durmuşynda iň zerur mesele bolan soň, ol ýazyjy şahyrlaryň hem döredijiliginde agramly orny eýeläpdir. Olar goşgularydyr eserleriniň üsti sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen, adam ömrüne howp berýän zyýanly endiklerden daşda bolmaga çagyrypdyrlar.
Keý Kowus özüniň «Kowusnama» kitabynda: “Adamyň gündelik gün tertibi üç topara bölünýär, ýagny gije-gündiziň 24 sagadynyň 8 sagadyny işlemek, 8 sagadyny hojalyk işlerine, ýagny dürli hajatlara, 8 sagadyny bolsa uklap,dynç almaga sarp edilmeli. Adam her günde ortaça 8 sagat ýatmalydyr. Eger sagdyn adam 3 gije-gündiz, ýagny 72 sagat uklamasa, onuň heläk bolmagy mümkindir. Wagtynda ýatyp, wagtynda turmagy endik edinmeli” diýip belleýär. Ata-babalarymyz Gün dogýança ýatmagy halamandyrlar. Munuň anyrsynda, elbetde, adam saglygyny goramak we berk bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly terbiýe mekdebi bar.
Häzirki wagtda giňden dünýäde giňden ýaýraýan süýji keseli, infarkt, gipertoniýa ýaly keselleriň köpelmegini, hereket azlykdan gelip çykýandygy bilen düşündirilýär. Wagtly-wagtynda iýip-içmek, iýmitleri seljermek, esasan hem gök önümleri köpüräk peýdalanmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen biz öz saglygymyzy gorap bileris. Umuman, öz saglygyňa ýaşlykdan esewan bolmaly. Çünki saglygymyzy goramak bagtyýar, uzak ömrüň kepilidir.
«Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda bolsa ynsan saglygy barada ajaýyp nakyllara giň orun berilýär.
Ten sag, gulak dynç, sagalsam – häkimdirin, sagalmasam men kimdirin?, saglygym-begligim, saglyk-baýlyk, sag başym –soltan başym ýaly nakylllaryň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýeti uludyr.
Hakykatdan-da, danalaryň belleýşi, ýaly, saglygymyzy goramak ilkinji zerurlykdyr we borçdyr. Öz saglygymyz goramak, kesel bolmazdan onuň öňüni almak, bagtyýar durmuşa gülüp bakmak diýmekdir.
Maýa ROZMETOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
