BIZE YAZYARLAR

Saglyk – durmuşyň täji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň ählisi halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Esasan-da ýurdumyzda ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biridir. Şonuň üçin bu babatda düşündiriş, wagyz-ündew işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegi, bütin adamzadyň saglygyna howp salýan zyýanly endiklere garşy göreşmegi we ýokanç däl keselleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegi ähli saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde uly borç edip goýdy. Biz― lukmanlar ynsan saglygynyň, esasan-da, ýaş nesliň goraglylygyny güýçlendirmek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmak maksady bilen etrap saglyk öýleridir hassahanalarynda, mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli geçirýäris. Çünki zyýanly endikler neşekeşlik we çilimkeşlik adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirýär. Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Sagdyn nesliň kemala gelmegi bilen jemgyýetimiziň sagdynlygy gazanylýar. Geljekki nesillerimiziň Watana wepaly, arassa, halal, sagdyn bolup ýetişmekleriniň aladasyny etmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Saglyk adam durmuşynda iň zerur mesele bolan soň, ol ýazyjy şahyrlaryň hem döredijiliginde agramly orny eýeläpdir. Olar goşgularydyr eserleriniň üsti sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen, adam ömrüne howp berýän zyýanly endiklerden daşda bolmaga çagyrypdyrlar.
Keý Kowus özüniň «Kowusnama» kitabynda: “Adamyň gündelik gün tertibi üç topara bölünýär, ýagny gije-gündiziň 24 sagadynyň 8 sagadyny işlemek, 8 sagadyny hojalyk işlerine, ýagny dürli hajatlara, 8 sagadyny bolsa uklap,dynç almaga sarp edilmeli. Adam her günde ortaça 8 sagat ýatmalydyr. Eger sagdyn adam 3 gije-gündiz, ýagny 72 sagat uklamasa, onuň heläk bolmagy mümkindir. Wagtynda ýatyp, wagtynda turmagy endik edinmeli” diýip belleýär. Ata-babalarymyz Gün dogýança ýatmagy halamandyrlar. Munuň anyrsynda, elbetde, adam saglygyny goramak we berk bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly terbiýe mekdebi bar. Häzirki wagtda giňden dünýäde giňden ýaýraýan süýji keseli, infarkt, gipertoniýa ýaly keselleriň köpelmegini, hereket azlykdan gelip çykýandygy bilen düşündirilýär. Wagtly-wagtynda iýip-içmek, iýmitleri seljermek, esasan hem gök önümleri köpüräk peýdalanmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen biz öz saglygymyzy gorap bileris. Umuman, öz saglygyňa ýaşlykdan esewan bolmaly. Çünki saglygymyzy goramak bagtyýar, uzak ömrüň kepilidir.

Intizar EZIZOW, Murat EREŞOW,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň bölüm müdirleri.