BIZE YAZYARLAR

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna 30 ýyl!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derjesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar.
Pudagy ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, hususan-da, Germaniýa döwletiniň öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli profesorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edilip, maksatnama tapgyrma-tapgyr üstünlikli durmuşa geçirildi. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saglyk ýagdaýy gowulanyp, ömrüniň orataça dowamlygy artdy. Maksatnamanyň çäklerinde birnäçe toplumlaýyn
işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi. Şu ýyl «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar.
Maksatnamanyň çäklerinde geçen ýyllarda saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulandyryldy we abadançylygy ýokarlandyryldy. Raýatlar üçin saglygy goramak babatynda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikler we şertler üpjün edildi. Halkara ölçeglerine we talaplaryna, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamy döredildi.
Türkmenistanda duzuň ýodlaşdyrylmagy, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylmagy, şeýle-de darkunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan möhüm halkara resminamalar bu ugurdaky netijeli işleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde gazanylan uly üstünlikleriň biri-de Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde dünýä derejesinde kämil lukmançylyk edaralarynyň gurulmagydyr.
Welaýatlarda, şäherlerde, etrapdyr obalarda ynsan saglygyny berkitmäge niýetlenen saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň sanynyň artmagy, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy il-halka döwrebap we göwnejaý hyzmat etmäge mümkinçilik döredýär.
Welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk köpugurly hassahana, welaýat «Gaýragoýulmasyz» tiz kömek merkezi, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky anyklaýyş merkezi, Ýokanç keseller hassahanasy bu maksatnamanyň çäklerinde ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde alnyp barylýan işleriň mysalydyr.
«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň öňde goýan baş wezipesine laýyklykda, ilatymyzy dermanlarymyz, türkmen topragynda bitýän dermanlyk
ösümliklerden taýýarlanan melhemlikler, bejeriji täsirli tebigy baýlyklarymyzyň önümleri bilen üpjün edilýär. «Türkmenderman Ajanta farma limited», «Saglyk», «Tenekar» derman kärhanalary, «Buýan» obasenagat toplumy döredildi. «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy, Zyýansyzlandyryjy erginleri
öndürýän, Daşoguzda Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän, Balkan welaýatynda Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan, Bereket etrabynda Ýod önümçilik kärhanalary doly işe girizildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän şypahanalar halkymyzyň saglygyny dikeltmäge hyzmat edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde gazanylan uly üstünlikleriň biri-de welaýat merkezlerinde dünýä derejesinde kämil lukmançylyk edaralarynyň gurulmagydyr. Etrapdyr obalarda ynsan saglygyny berkitmäge niýetlenen saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň sanynyň artmagy, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ildeşlerimize döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda welaýatyň hatda iň çetki obalaryndaky döwrebap saglyk öýleri hem ildeşlerimize ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işleriň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün her biirimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulagamynda uly işler amala aşyrylyp, ösüşi beýik depginler bilen dowam edýär. Goý, ynsan saglygyny ähli zatdan öňde goýýan lukman ýürekli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Laçyn NOWRUZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: