Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlady. 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň iň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna hem-de
lukmançylyk ylmynyň mundan beýläkde ösmegine gönükdirilendir.
Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saglyk ýagdaýy gowulanyp, ömrüniň ortaça dowamlygy artdy. Şeýle-de, maksatnamanyň çäklerinde birnäçe toplumlaýyn işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi.
Şu ýyl «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Maksatnamanyň çäklerinde geçen ýyllarda saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulandyryldy we abadançylygy ýokarlandyryldy. Raýatlar üçin saglygy goramak babatynda
hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikler we giň şertler üpjün edildi. Halkara ölçeglerine we talaplaryna, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine daýanýan saglygy goraýyş ulgamy döredildi.
Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde dünýä derejesinde kämil lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde gazanylan uly üstünlikleriň biridigini buýsanç bilen belläp bileris. Şeýlede, «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň öňde goýan baş wezipesine laýyklykda, ilatymyzy dermanlarymyz, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlikler, bejeriji täsirli tebigy baýlyklarymyzyň önümleri bilen üpjün edilýär. «Türkmenderman Ajanta farma limited», «Saglyk», «Tenekar» derman kärhanalary, «Buýan» obasenagat toplumy döredildi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik saglygy goraýyşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. 2018 – 2025-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça, 2018-2025-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze milli maksatnamalary, şeýle hem
Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatynda 2018-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy tasyklanyldy.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işleriň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler amala aşyrylyp, ösüşi beýik depginler bilen dowam edýär.
Elmira KADYROWA,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany.