BIZE YAZYARLAR

Saglyk bolsa, beglik bolar

Öýkeniň howply täze döremelerini anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly meseleler tutuş dünýäde bolşy ýary, ýurdumyzda hem onkolog lukmanlaryň üns merkezinde saklanylýar. Bu tötänden däldir. Birinjiden, Ýer yklymynda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany barha artýar. Ikinjiden, näsaglaryň aglabasynda keseliň soňky derejeleri anyklanylýar. Sebäbi syrkawlaryň aglabasy lukmana giç ýüz tutýar.

Öýkeniň howply täze döremelerinde ilki ýüze çykýan alamatlar (üsgülewük, demgysma, döşde agyrynyň döremegi, ganly gakylyk) dem alyş ýollarynyň keselleriniňki bilen meňzeş bolýar. Bedeniň temperaturasynyň göräýmäge hiç hili sebäpsiz ýokarlanmagy bronhiti ýa-da öýken sowuklamany (pnewmoniýa) çak etdirýär. Soňabaka bu alamatlaryň üstüne gowşaklyk, sussupeslik, işjeňligiň peselmegi, bedeniň agramynyň azalmagy ýaly alamatlar hem goşulýar. Bulardan başga-da, süňklerde agyrynyň döremegi (paraneoplastiki sindrom) mümkindir.

Keseli wagtyndan öň anyklamak üçin ýylda 1 gezek döş kapasasy agzalarynyň rentgen barlagyny geçirmek möhümdir. Eger uzak wagtlap dowam edýän üsgülewük, döşde agyrynyň döremegi we çuň dem alnanda güýçlenmegi, sesiň üýtgemegi (gyrylmagy), işdäniň peselmegi, bedeniň agramynyň azalmagy, bronhit, öýken sowuklama ýaly keselleriň uzak wagtlap dowam etmegi we tiz-tizden gaýtalanyp durmagy ýaly alamatlaryň iň bolmanda biri peýda bolan bolsa-da pulmonolog ýa-da onkolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr.

Keseliň döremegine näme sebäp bolup bilýär?

Öýken kanseriniň ýüze çykmagyna, esasan, kanserogen (rak dörediji) maddalaryň tüssesinden we bugundan yzygiderli dem alynmagy sebäp bolýar. Onuň döremegi 90% ýagdaýda çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Adam zyýanly endige näçe ir baş goşan bolsa, her gün näçe köp çilim çekýän bolsa, onda agzalan keseliň döremek howpy şonça-da ýokarlanýar. Sebäbi çilimiň tüssesinde saklanýan 8000-e golaý maddalaryň ýarymy diýen ýaly zäherleýji täsire eýe bolup, olaryň bedene ýetirýän zyýany çekilen çilimiň mukdaryna baglylykda yzygiderli artýar. Çilim çekmeýän, ýöne çilimkeş bilen bir öýde ýaşaýan ýa-da bir kärhanada işleýän, şonuň üçin häli-şindi çilimiň tüssesi ýaýraýan howadan dem almaga mejbur bolýan adamlarda (passiw çilimkeş) hem öýken kanserine duçar bolmak howpy ýokarydyr.

Öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirip bilýän başga-da käbir faktorlar bar. Olara:

asbest, radon, myşýak, nikel, kadmiý, hrom, hlormetil efiri bilen dowamly galtaşyklar;
radioaktiw şöhlelenme; howanyň düzüminde zyýanly maddalaryň bolmagy; dem alyş ýollarynyň uzak wagtlap dowam edip gelen, gutarnykly bejerilmedik keselleri: bronhit, bronhoektaz, inçekesel degişlidir.

Nädip keseliň öňüni almaly?

  • Çilim çekmekden saklanmaly.
  • Çilim çekýän adamyň ýanynda durmaly däl.
  • Dem alyş ýollarynyň keselleriniň gaýra goýulman anyklanylyp bejerilmegini üpjün etmeli.
  • Kanserogen täsirli serişdeler bilen galtaşygy azaltmaly, olaryň zyýanly täsirinden goranmaly.
  • Ýylda 1 gezek döş kapasasynyň rentgen barlagyndan geçmeli.
  • Işjeň hereket etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
  • Dogry iýmitlenmeli.

Gündelik iýmitlenişde gök we bakja önümleridir ter gök otlaryň, ir-iýmişdir miwelerden iýmitlenmeli. Bu önümlerde diňe bir öýkeniň däl-de, eýsem, beýleki beden agzalarynyň hem howply täze döremeleriniň öňüni almaga ýardam edýän maddalar saklanylýar. Mysal üçin:

Käşirde, pomidorda rak öýjükleriniň emele gelmeginiň öňüni alýan tebigy reňkleýjiler bardyr. Käşirdäki karotinoidleriň, pomidordaky likopinleriň täsiri bu önümler gaýnadylanda ýüze çykýar. Olar näçe köp gaýnadylsa, reňkleýjileriň howply täze döremelere garşy täsiri şonça-da güýçlenýär diýip alymlar hasaplaýarlar.

Kurkuma Gündogar ýurtlarynda diňe bir naharlaryň tagamyny artdyrýan hoşboýlyk hökmünde däl-de, eýsem, dermanlyk ösümlik hökmünde-de giňden ulanylýar. Sebäbi ol gaýnaglama hadysasyny aýyrmaga, çişleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän kurkumine baýdyr.

Ter gök otlarda, esasan, seldereýde, petruşkada, çopantelpekde rak öýjükleriniň ösüşini bökdeýän, göwüs mäzleriniň, aşgazanasty mäziň howply täze döremeleriň bejergisiniň netijeliligini ýokarlandyrýan apigenin flawonoidi köp mukdarda saklanýar.

Kelemde gorçisa glýukozidlerine degişli sulforafan we diindolilmetan saklanýar. Bu maddalar howply täze döremeleriň, aýratyn hem, ýumurtgalyklaryň we göwüs mäzleriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine gatnaşýan beloklaryň hereketini bökdeýär. Hepdede 3 gezek kelem, aýratyn hem, brokkoli kelemi iýlende howply täze döremeleriň ýüze çykmak ähtimallygynyň 2 esse azaldýandygy ylmy taýdan tassyklanan.

Gyzyl çili burçunda köp mukdarda saklanýan kapsaisin howply çişlere garşy güýçli täsire eýe bolan antioksidantdyr. Alymlara görä, kapsaisin kanserogen maddalara garşy göreşmäge ýardam berýän öýjük mitohondriýalaryny işjeňleşdirýär. Olar iýmitlenişde gyzyl çili burçy köp ulanylýan ýurtlarda howply täze döremeleriň az duş gelýändigine ünsi çekýärler.

Jemile Çaryýewa,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň kabul ediş bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: