Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladany ilkinji nobatda goýýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ildeşlerimiz sagdyn, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Ähli kärde bolşy ýaly, lukmanlar hem özleriniň erjellikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Berkarar Diýarymyzda üstünlikli ýola goýlan sagdyn durmuş ýörelgesi öz saglygyny goramaga we berkitmäge tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi düşünjesi lukmançylyk pudagynda, durmuş ulgamynda we psihologiýada gazanylan üstünlikleriň we
açyşlaryň hasabyna has-da ösdürildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň pikirine görä, saglyk bu diňe keselleriň we fiziki näsazlygyň bolmazlygy däl-de, eýsem, doly fiziki, ruhy eşretdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy faktorlarynyň täsiri esasynda saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşy bolup durýar.
Adamyň saglygynyň üpjün edilmeginde arassa howanyň we suwuň, kadaly ýokumly iýmitiň bolmagynyň hem ähmiýeti örän uludyr. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyra, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna we oýlanyş ukyplarynyň peselmegine sebäp bolýar.
Ýöne arassa howa çykylanda her pasyla görä geýinmek maslahat berilýär. Çünki möwsüme görä geýinilmese, möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolup biler.
Saglygyň gadyryny bilýän adam elmydama sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr.
Açylgül KADYROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.