SPORT WE SYÝAHAT

Saglyk – baýlykdyr

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet  berýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny bu günki gün  lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly  köpjiltli  kitabyny  ýankitap  etmekde hem saglygymyz barada köp zatlary bilýäris. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da il-günümiz abadan, asuda, saglyk bilen geljege ynamly gadam urýar. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanyp, halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar. Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, merkezlerini,  toplumlaryny açyp berdi. Bu bolsa ýaşlaryň wagtlaryny bihuda geçirmezligine uly ýardam berýär. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy okuwçylaryň, talyplaryň, işgärleriň sagdyn bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär. Biz hem ýaşlar guramasynyň hünärmenleri bolup ýaşlaryň arasynda sport bäsleşiklerini ýylyň bütin dowamynda geçirdik we ýene giň gerimde geçireris. Ýaşlary sporta çekmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Mähri Babyşowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: