Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça saglyk ulgamynda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Ýokanç däl keselleriň hatarynda öýkeniň dowamly kesellerine, ýagny pnewmoniýa garşy göreşmekde hem uly işler bitirildi we bitirilýär. Bu ugurda keselleriň öňüni almagyň ýollaryny köpçülige düşündirmek işlerini ýaýbaňlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde milli we halkara lukmançylygyň soňky gazananlary boýunça saglygy goraýyş işgärleri bilen ylmy-amaly okuwlar, maslahatlar, raýatlaryň arasynda ugrukdyryjy, düşündiriş çäreleri yzygiderli
geçirilýär.
Pnewmoniýa öýkeniň ahyrky ýerlerine täsir edýän sowuklamadyr. Ol kislorodyň bedene barmasyny kynlaşdyrýar. Gandaky kislorodyň mukdarynyň peselmegine, kesel has ötüşende bolsa, näsagy agyr ýagdaýlara getirýär. Ol özbaşdak kesel ýa-da ikilenji ýokanç we ýokanç däl keselleriň gaýraüzülmesidir. Bu kesele getirip biljek ýokançlar bakteriýa, wirus ýa-da kömelek gelip çykyşly bolup biler. Immunitetiň
gowşaklygy ýa-da ýanaşyp gelýän keseller sebäpli, ol töwekgelçilik toparly käbir adamlar üçin has howpludyr. Şeýle toparlara gartaşan, dowamly ýürek we öýken keselli, süýjüli diabetli adamlar girýär. Kesele meýilliligi zyýanly endikler, immun ýetmezçiligi, şeýle-de 5 ýaşa çenli çagalarda ýüze çykýan näsaglyklar hem döredýär.
Pnewmoniýanyň döremek howpuny aýratyn (sanjymlar) we aýratyn däl öňüni alyş çäreleriniň kömegi bilen peseldip bolýar. Sanjymlar dertden goranmagyň esasy serişdesidir. Köpçülik ýerlerinde dem alyş ýollaryny goraýan örtükleri dakynmak, howpsuz araçägi saklamak, elleri ýygy-ýygydan ýuwmak aýratyn däl öňüni alyş çärelerine degişlidir. Üsgürme, döşde agyrynyň döremegi, gyzdyrma, ýiti respirator wirus kesellerinden soň ýagdaýyň erbetleşmegi, üşütme, demgysma ýaly alamatlar ýüze çyksa, bejergini özbaşdak kesgitlemän, derrew lukmana ýüz tutmak möhümdir.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В toparyna hem-de D, C witaminlerine baý önümleri iýmek örän peýdalydyr. Sagdyn iýmitlenmek, işjeň hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, dartgynly ýagdaýlardan gaça durmak arkaly immun ulgamy berkitmek, arassaçylyk
düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak — bularyň ählisi dürli kesellerden, hususan-da, öýkeniň dowamly kesellerinden goranmagyň iň wajyp usullarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegem saglygy berkitmekde aýratyn orna eýedir. Öýkeniň dowamly kesellerine garşy göreşmekde we olaryň öňüni
almakda ýurdumyzda giňden ýaýran buýan köküniň ýokumly şirelerini we melhemlik çaýlary peýdalanmak has-da netijelidir. Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem öýken kesellerini bejermekde buýan kökünden giňden peýdalanypdyrlar.
Begenç ÝARADANOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziologiýa reanimasiýa bölüminiň
müdiri.