BIZE YAZYARLAR

Saglyk — bagtyýar durmuşyň esasy baýlygy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, anyklaýyş merkezleriniň gurulmagy, lukmançylyk edaralarynyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Maşgala lukmanynyň işi ilatyň saglygyny goramakda örän möhüm orun eýeleýär. Sebäbi maşgala lukmany diňe bir näsaglary bejermek bilen çäklenmän, keselleriň öňüni almak, raýatlara sagdyn durmuş ýörelgelerini düşündirmek, maşgalalaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek ýaly jogapkärli işleri ýerine ýetirýär. Her bir adamyň saglygy onuň ýaşaýyş endikleri, iýmitlenişi, hereketliligi, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişi bilen berk baglydyr.
Dänew etrabynyň Seýdi şäher hassahanasynda hem ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň saglyk medeniýetini artdyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Maşgala lukmany hökmünde biz näsaglar bilen diňe bejeriş döwründe däl, eýsem, sagdyn mahalynda hem işleşýäris. Gan basyşyna, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyna, süýji keseline, dem alyş ýollarynyň kesellerine, möwsümleýin ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berýäris.
Keseli bejermekden onuň öňüni almak has möhümdir. Şonuň üçin her bir raýat öz saglygyna biparh garamaly däldir. Dogry iýmitlenmek, arassa agyz suwuny içmek, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, wagtynda dynç almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, lukmançylyk barlaglaryndan yzygiderli geçmek sagdynlygyň esasy şertleridir. Aýratyn-da çagalaryň, ýaşulularyň we dowamly keselli raýatlaryň saglygyna has ünsli çemeleşmek zerurdyr.
Möwsümleýin döwürlerde sowuklama we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ilatyň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak, köpçülik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini saklamak, bedeniň immunitetini güýçlendirmek, näsaglyk alamatlary ýüze çykanda özbaşdak bejergä ýüz urman, lukmana wagtynda ýüz tutmak saglygy goramagyň iň dogry ýoludyr.
Saglyk — ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn adam maşgala bagtynyň, zähmet üstünlikleriniň, jemgyýetiň ösüşiniň esasydyr. Şonuň üçin her birimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz, özümiziň we ýakynlarymyzyň saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegimiz zerurdyr. Biz, lukmanlar bolsa halkymyzyň saglygyny goramak, her bir raýatyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ýardam bermek üçin öz hünär borjumyzy yhlas bilen ýerine ýetireris.

Malika BERDIÝEWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher hassahanasynyň maşgala lukmany