BIZE YAZYARLAR

Saglyk ― ömrüň bezegi

Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär. Ulgamyň ösüşinde gazanylan uly öňegidişlikleriň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidigi nygtalýar.
Lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklary gowulandyrmagyň, möhüm meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ýoludyr. Onuň netijesinde jemgyýetiň howpsuzlygyny we saglygyny gowulandyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde we özara tejribeleri alyşmakda uly üstünlikler gazanylýar. Täze kitapda hem bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýandygy, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy
arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Bitaraplyk syýasatyna pugta eýerýän ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde saglyk we saglygy goramak bilen bagly anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan uly goşantdygyny belleýär.
Lukmançylyk diplomatiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri halkara ykrarnama eýe bolýar. Milli Liderimiziň täze kitabynda Türkmenistana bu ugurda gazanylýan üstünlikler üçin gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar barada maglumat berilýär. Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde halkara ähmiýetli resminamalar barada beýan edilmegi «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby lukmançylyk diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny öwrenmekde gymmatly gollanma öwürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ajaýyp sowgat bolan kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, hemişelik Bitarap Watanymyzyň lukmançylyk diplomatiýasynyň gülläp ösmegini arzuw edýäris.

Kerimjan ERGEŞOW,
Darganata etrap hassahanasynyň newropotolog lukmany.