BIZE YAZYARLAR

Saglyk ― milletiň baş baýlygy

Bilşimiz ýaly, şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Häzirki ajaýyp zamanamyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleri we olaryň netijelerini ildeşlerimiz öz durmuşlarynda ýakyndan duýýandyrlar.
Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döredýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 2-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, ýagny Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň
gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi halkymyzyň saglygynyň goralmagynyň hatyrasynadygy bilen ýakymlydyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi bolsa ynsan saglygyny goramak bilen bagly ýerine ýetirilen işleriň iň ähmiýetlisidir. Bu ajaýyp iş tebigatyň we ynsan saglygynyň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemlän genji-hazynadyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen her bir işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň aýdyň miweleridir.
Il saglygy barada amala aşyrylýan döwletli tutumlaryň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Rana ASTANOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň akuşer
ginekolog lukmany.