Häzirki döwürde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän uly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgesini dabaralandyrýar.
Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek babatdaky işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesi kesellemegiň derejesiniň peselmegi, ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagy ýaly kesgitleýji görkezijilerde aýdyň ýüze çykýar.
Häzirki wagta üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen kadalaryň netijeli amal edilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün edip, halkymyzy sapaly durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülçehra MAMASEÝIDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň USB lukmany.

