BIZE YAZYARLAR

Saglyk ― bagtyň gözbaşy

Saglyk jemgyýetiň baýlygyna, ynsan başynyň täjine deňelýär. Muňa «Ähli zadyň sakasy saglykdyr», «Sag başym – soltan başym», «Saglyk – abatlyk» diýen pähimler arkaly hem göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň şanyna ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Watanymyzdadöwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň  saglygy aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, halkymyz sagdyn durmuş ýörelgesine pugta
ygrarlydyr. Saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär.
Bagtyýar halkymyzyň saglygyny berkitmekde şypahanalaryň hödürleýän anyklaýyş, bejeriş-öňüni alyş, sagaldyş-dikeldiş we beýleki hyzmatlary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasynyösdürmek boýunça sebit we halkara giňişliginde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk rowaçlyklara beslenýär. Bularyň ählisi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.
Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.
Baýramçylyk mynasybetli guraljak «Saglygy goraýyş, bilim we sport — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat sebit we dünýä ýurtlarynyň saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlarynyň, ylymlaryň doktorlarynyň hem-de wekilleriniň saglygy goraýyşda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirer.

Gözel KOÇGAROWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.