BIZE YAZYARLAR

Saglyk ― bagtly ýaşaýşyň sakasy

Öýkeniň dowamly obstruktiw keseli içki we daşky kesel dörediji howply sebäpleriň täsirinde esasan öýkeniň çepki dem alyş ýollarynyň iriňlemegi, ýagny dowamly gaýnaglamasydyr. Muňa ýiti sowuklamalar hem sebäp bolup bilýär. Ol dem alyş ýollarynyň emfizemanyň öýken arteriýasynda basyşyň ýokarlanmagy esasynda dem, öýken, ýürek ýetmezçiligiň peýda bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň teklibine görä dowamly ýa-da çalt bronh gaýnaglanmasy sebäpli näsag üç aýdan köp, ýa-da iki ýyl we ondan-da uzak dowamlylykda üsgürmesine, şeýle-de gakylygyň çykmagyna, dem gysmanyň peýda bolmagyna öýkeniň dowamly obstruktiw keseli kesgitlenilýär.
Häzirki döwürde kesel birnäçe toparlara bölünip, olar aýry-aýry görnüşlidir. Kesel, esasan, daşky zyýanly täsirleriň zeper ýetirmekleri esasynda döreýär. Bu ýagdaýda bronhlaryň nemli bardasy bozulmak arkaly gysylýar, degna öýjükleri ýokarlanýar, onuň bilen birlikde, öýkeniň zeperlenen ýerinde öýken makrofaglaryň işjeňligi ýokarlanýar. Näsagyň dem alyş ýollary neýrofil leýkositler tarapyndan örän köp mukdarda boş radikallaryň çykarylmagy zerarly
zeperlenýär.
Keseliň alamatlary näsag, ilki bilen, yzygider üsgürýär. Soňabaka dem alyş we çykaryş kynlaşyp, dem gysma hat-da agyr dem ýetmezçiligi bolýar. Kesel ýitileşende gakylyk iriňli görnüşe geçýär. Bu ýagdaýlar keseliň has ýitileşmegine we dowamly bolmagyna getirýär. Şol sebäpden keseliň alamatlary ýüze çykyp ugrandan, çalt ýagdaýda bejergä başlanmalydyr. Bejergi ýörite lukmanyň
gözegçiliginden geçirilip, talabalaýyk bolmalydyr.
Wagtynda keseliň agyrlaşmagynyň, ýitileşmeginiň, gaýraüzülmeleriniň öňüni almak bejerginiň esasy maksady bolup durýar. Bu maksatdan ugur alyp, bejergi döwründe näsagyň özüniň hem deň derejede çemeleşmegi zerurdyr. Ýagny mundan beýläk zyýanly endiklerden daşda durmagy zerur bolup, ol keseliň ilkinji öňüni almakda iň arzan we netijeli usulydyr. Bejergi doly tamamlanan soň, näsag öýünde hem doly derejede özüne üns bermelidir. Zyýanly endiklerden daşda bolup, sagdynlyk ýörelgelerine eýermegini, gündelik iýmitiniň ýokumly bolmagyny, şeýle-de arassa howada köpüräk gezelenç etmegini gazanmalydyr. Ýygy-ýygydan lukmanyň gözegçiliginden geçip, wagtynda kadaly bejergini alyp durmalydyr.

Gülçehra ÝANGIBAÝEWA,
Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.