BIZE YAZYARLAR

Saglygyňyz üçin sowukdan goranyň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň, ýagny immunitetiň ýokary bolmagy zerur. Muny gazanmak üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Her paslyň özüne mahsus howasy bar. Gyşyna garly, ygally howa has sowuk bolýar. Bu pasyl adamdan öz bedenini ýyly saklamagy talap edýär. Bu döwürde ýyly geýinmek bedeni dürli kesellerden goraýar. Şonuň üçin howa derejesiniň peselen häzirki günlerinde paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, şeýle hem başgap bilen ellik geýmek hökmany talaplaryň biridir. Esasan hem, aýaklary we kelläni ýyly saklamaga üns bermek gerek. Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur beden agzalarynyň hataryna girýär. Olar näçe ýyly saklansa, beden şonça-da ýyly bolýar. Ýöne ädigiň içinden gat-gat ýyly jorap geýip, aýaklary derläp durar ýaly hem etmeli däl. Eger aýaklar derlese, çyglanan joraplar bilen birlikde aýakgaby-da çalyşmaly. Atanlykda ýykylyp, şikes almaz ýaly, seresap ýöremeli. Gyş paslynyň aýratynlygyna laýyklykda, aýakgaplary dogry saýlamaly.

Egin-eşikler sintetiki önümlerden däl-de, nah ýa-da ýüň matalardan taýýarlanan bolmaly. Şeýle egin-eşikleri geýmek dürli kesellerden we sowukdan goranmaga ýardam edýär. Gyşyna çygly eşikleri geýmek düýbünden gadagandyr. Çünki islendik ýerinde sähelçe çyglyk bar bolan eşikler birnäçe keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Şeýle hem geýlen egin-eşikler bedeni gysyp durmaly däl. Bedeniň kadaly dem almagy üçin özüňe rahat egin-eşikleri saýlamak gerek. Edil aýakgaplarda bolşy ýaly, gysýan eşikler hem bedeniň gan aýlanyşygyny bozýar.

Gyş paslynda berjaý edilmeli zerur kadalaryň ýene biri başgap geýmek ýa-da ýaglyk daňynmak hökmanlygydyr. Bu kadany berjaý etmek diňe bir kelläňi, saçlary aýazdan goraman, eýsem, dürli kelle-beýni sowuklama keselleriniň öňüni almaga hem ýardam edýär. Gyş gününde saç ýuwlanda, soňundan dogry we doly guratmak gerek. Saçlar çyglyka, asla daşaryk çykmaly däl. Sebäbi saçlaryň düýbünde galan çyglyk öý şertlerinde ýyly derejede bolsa-da, sowuk howa çykylanda, öz ýylylyk derejesini ýitirýär we aýazly howanyň täsiri netijesinde, örän howply sowuklama keselleriniň döremegine, şeýle hem saç dökülmesine sebäp bolup bilýär.

Sowuk howada galyň geýnilýändigine görä, jemgyýetçilik ulaglaryna münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň ilikleri ýazdyrylmalydyr. Sebäbi wagtlaýyn ýyly ýerde   derläp, soň daşaryk çykylanda, sowuk howa ýa-da şemal bilen galtaşylýar, bu bolsa dürli sowuklama keselleriniň başlangyjy bolup biler.

Gülälek ABDYÝEWA,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkolog lukmany.