BIZE YAZYARLAR

Saglygyň goraglylygy — geljegiň bagtyýarlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda häzirki wagtda halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda, adamlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmakda, sagdynlygyň esasy bolan sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan işler, öňdengörüjilikli başlangyçlar halkara guramalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistan — melhemler mekany», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaplary bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmalara öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmen milli gymmatlygyna öwrülen halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Çünki Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişde bolup hyzmat edipdir.

Häzir hem dermanlyk ösümliklere bolan gyzyklanma peselmeýär. Ähli bejeriji serişdeleriň ýarysyna golaýy dermanlyk ösümliklerden ýasalýar. Fitoterapiýany ylmy esasda öwrenmek we ondan ýerlikli peýdalanmak, ine, biziň öňümizde duran esasy meseledir.

Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Diýarymyzda peýdaly ösümlikler, diýseň kändir. Başga ýerler bilen deňeşdirilende türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler ösýär. Häzirki zaman lukmançylyk tejribesi ösümliklerden alynýan derman serişdelerini ulanmakdan çetde durup bilmez. Biziň döwletimizde türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenmäge giň ýol açyldy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda adam saglygy hakyndaky şeýle aladalaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Begenç Ýaradanow,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň reanimasiýa bölüm müdiri.