BIZE YAZYARLAR

Saglygyň gadyryn bilgil…

Onkologiýa keselleri, ýagny, howply täze döremeler dünýäde ýokanç däl keselleriň esasy bölegini düzmek bilen, adamzada uly zyýan ýetirýär. Howply täze döremeleriň bir görnüşi hem erkekleriň peşewhalta asty ýerleşen mäziniň howply çiş keselidir. Bu kesel, esasan-da, erkek adamlarda 40 ýaşdan soň, aýratyn-da 50-69 ýaşly adamlarda has ýygy duş gelýär. Keseliň başlangyç derejelerinde alamatsyz, ýagny, gizlin geçýändigi sebäpli näsaglaryň 80-95 göterimi lukmanlara giç ýüz tutýar.
Prostata mäziniň howply täze döremelerinde näsaglarda peşewiň akyşynyň peselmegi, peşewiň kesilip gelmegi, näsagda peşewhaltanyň boşamazlyk duýgusy, tiz-tizden buşukma, peşew etmeklige bolan güýçli isleg ýaly alamatlary ýüze çykýar. Näsagda şeýle alamatlar ýa-da olaryň biri ýüze çykanda gyssagly
lukmana ýüz tutulmasa, keseliň beterleşýändigini unutmaly däl!
Prostata mäziniň howply täze döremelerini anyklamak üçin näsagyň onkolog ýa-da urolog lukmanlaryna ýüz tutmagy gerek. Häzirki wagtda prostata mäziniň howply täze döremelerini ýüze çykarmak üçin, ilki bilen, näsaga lukman seredýär. Lukman keseliň ýüze çykyşyny, alamatlaryny öwrenip, degişli barlaglary geçirýär we gerek bolsa goşmaça barlaglary belleýär.

Azat BABALYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziolog reanimatolog lukmany.