BIZE YAZYARLAR

Saglygyň gadryny bilgil…

Öýkeniň sowuklamasy(pnewmoniýa) ýiti respirator ýokançlaryň döredýän we ýygy duşýan gaýra üzülmeleriniň biridir. Bu kesel şeýle alamatlar bilen ýüze çykýar:

  • näsagyň gyzdyrmagy, birnäçe günüň dowamynda bedeniniň temperaturasynyň ýokary derejelerde saklanmagy;
  • ysytma, üşütme;
  • ysgynsyzlyk;
  • kellagyry;
  • demgysma, üsgülewük.

Öýken sowuklama dümewiň gaýra üzülmesi hökmünde ýüze çykanda, kesel alamatlary mydama açyk-aýdyň bildirmeýär. Şoňa görä, bu keseliň bardygyny güman etdirýän ýekeje alamat peýda bolsa-da, öýkeniň rentgen barlagyny geçirmek hökmandyr. Öýken näsazlyklaryny görkezýän ýene-de bir barlag gandaky kislorodyň mukdaryny (saturasiýa derejesi) görkezýän barlagdyr. Saturasiýa derejesiniň 94%-den pes bolmagy barlaglary dowam etdirmegiň we bejeriş geçirmegiň zerurdygyny habar berýär. Öýken sowuklama ýüze çykanda pulmonolog lukman bilen maslahatlaşmak maksada laýykdyr.

Pnewmoniýanyň döremek howpuny aýratyn (sanjymlar) we aýratyn däl öňüni alyş çäreleriniň kömegi bilen peseldip bolýar. Sanjymlar dertden goranmagyň esasy serişdesidir. Köpçülik ýerlerinde dem alyş ýollaryny goraýan örtükleri dakynmak, howpsuz araçägi saklamak, elleri ýygy-ýygydan ýuwmak aýratyn däl öňüni alyş çärelerine degişlidir.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В toparyna hem-de D, C witaminlerine baý önümleri iýmek örän peýdalydyr. Sagdyn iýmitlenmek, işjeň hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, dartgynly ýagdaýlardan gaça durmak arkaly immun ulgamy berkitmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak — bularyň ählisi dürli kesellerden, hususan-da, öýkeniň dowamly kesellerinden goranmagyň iň wajyp usullarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegem saglygy berkitmekde aýratyn orna eýedir. Öýkeniň dowamly kesellerine garşy göreşmekde we olaryň öňüni almakda ýurdumyzda giňden ýaýran buýan köküniň ýokumly şirelerini we melhemlik çaýlary peýdalanmak has-da netijelidir. Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem öýken kesellerini bejermekde buýan kökünden giňden peýdalanypdyrlar.

Enejan ANNAGELDIÝEWA,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň himioterapewt lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: