Saglygymyzy goramak öz elimizde
Berkarar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetimize giňden ornaşdyrylyp, ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alnyp barylýar. Ýaş nesliň saglygy, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp ulalmaklary üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär hem-de döwrebap şertler döredilýär. Munuň subutnamasy hökmünde saglygyň sakasy bolan bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegini, sport mekdepleriniň, toplumlarynyň ýaşlaryň hyzmatyna berilmegini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmagy, elmydama hereketde bolmagy, dogry iýmitlenmegi ündeýän çäreleri görkezmek bolar.
Ýöne muňa garamazdan «sürü agsaksyz bolmaz» diýlişi ýaly jemgyýetimizde hem zyýanly endiklere baş urýanlar hem bar. Şeýle ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän erbet täsiri örän uludyr. Olar ýürek gan-damar, dem alyş, degna, iýmit siňdiriş ulgamlaryna uly zyýan ýetirýärler.
Zyýanly endiklere baş goşan adamyň merkezi degna ulgamynyň işi bozulyp, akyl, fiziki zähmete bolan höwesi, ýatkeşligi peselýär. Ukusy bozulýar, gaharjaňlyk, rahatsyzlyk, keýpsizlik ýaly alamatlar peýda bolýar. Aşgazanyň iýmit siňdirişi kynlaşýar. Aşgazanyň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralary peýda bolýar. Dodaklaryň, diliň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň howply täze döremeleriniň howpy ýokarlanýar. Şunlukda birnäçe keselleriň döremegine sebäp bolýar. Hatda içki agzalaryň düýpli zaýalanmagyna sebäp bolup, täze howply döremelere, gaýraüzülmelere çenli eltip bilýär.
Zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesini dogry berjaý etmeli. Kadaly iýmitlenip, gündelik durmuşymyzda hemişe hereketde bolmaly. Saglygymyzy goramak öz elimizdedir.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýandygy hem-de bu babatda ýokary derejeli şertleriň döredilýändigi üçin halkymyzyň Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza hoşallygy egsilmezdir. Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýagözel Durdyýewa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň sitolog lukmany.