Saglygymyzy goralyň!
Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň döwletimizde hem çilimkeşlige garşy köp ugurly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň çilim çekmegi gadagan etmek hakynda dürli ýyllarda gol çeken Permanlary we Kararlary raýatlarymyzy temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, bütin adamzadyň saglygyna we nesline howp salýan çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerine bagly bolan raýatlara çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek maksady bilen, çilimiň saglyga zyýany barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýan «Ynam» merkezleri döredildi. Edara-kärhanalarda, köpçülik ýerlerinde çilim çekmek, 18 ýaşamadyk raýatlara çilim satmak, çilim görnüşlerini mahabatlandyrmak gadagan edildi. Çilim gutularynyň daşynda çilimiň täsiri esasynda döreýän zeperlenen beden agzalarynyň suratlary goýuldy.
Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň «Ynam» merkezinde tassyklanan düzgünnama esasynda temmäkini ulanmagyň garşysyna we çilimi taşlajak bolýanlara kömek bermekde köpugurly işler alnyp barylýar. Raýatlara aýan etmezlik bilen, telefonda we kabul etmek esasynda gerek bolan maslahatlar berlip, çilimi taşlamagyň we zerur ýagdaýda bejergi almagyň ýollary düşündirilýär. Meýilnama boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, şeýle-de ilatymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak maksady bilen kabul edilen Milli maksatnamadan ugur alyp, temmäkini ulanmagyň saglyga ýetirýän howpy we temmäki tüssesiniň täsiri barada, temmäki önümlerine garaşly bolan raýatlara maslahat bermek we
bejermek barada wagyz-nesihat işlerini has-da güýçlendirip, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmäge çalyşmalydyrys!
Myrat OWEZOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.