BIZE YAZYARLAR

Saglygymyza paýhasly çemeleşeliň!

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa üstünlikli hereket edýär. Ýokanç däl keselleriň hatarynda öýkeniň dowamly kesellerine, ýagny pnewmoniýa garşy göreşmekde hem uly işler bitirildi we bitirilýär.

Pnewmoniýa öýkeniň ahyrky ýerlerine — alweolara täsir edýän sowuklamadyr. Ol kislorodyň bedene barmasyny kynlaşdyrýar. Gandaky kislorodyň mukdarynyň peselmegine, kesel has ötüşende bolsa, näsagy agyr ýagdaýlara getirýär. Ol özbaşdak kesel ýa-da ikilenji ýokanç we ýokanç däl keselleriň gaýraüzülmesidir. Bu kesele getirip biljek ýokançlar bakteriýa, wirus ýa-da kömelek gelip çykyşly bolup biler. Immunitetiň gowşaklygy ýa-da ýanaşyp gelýän keseller sebäpli, ol töwekgelçilik toparly käbir adamlar üçin has howpludyr. Şeýle toparlara gartaşan, dowamly ýürek we öýken keselli, süýjüli diabetli adamlar girýär. Kesele meýilliligi zyýanly endikler, immun ýetmezçiligi, şeýle-de 5 ýaşa çenli çagalarda ýüze çykýan näsaglyklar hem döredýär.

Soňky ýyllarda pnewmoniýanyň dürli kesel dörediji ýokanç mikroorganizmleriň dem alyş ýollaryna aralaşmagynda ýüze çykýandygy anyklanylýar. Esasan-da, keseliň döremegine dowamly üşemeklik, çilimkeşlik, gipoksiýa ýagdaýlary, gan azlyk, yzygider aşa ýadamaklyk, bronhlaryň ýiti we dowamly sowuklamasy we başga ýagdaýlar itergi berýär.

Keseliň alamatlary

Üsgülewük (köplenç gakylykly), dem gysma, döş kapasasynda agyry (zeperlenen tarapynda), bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gowşaklyk, ysgynsyzlyk, gijesine köp derlemeklik öýken sowuklamasynyň esasy alamatlarydyr.

Kesel duýdansyz güýçli üşütmeden ýa-da beden gyzgynynyň 39-40⁰C çenli ýokarlanmagyndan başlanýar. Üsgülewük ilki gury, soňra iriňli hem gan gatyşykly gakylykly bolýar. Näsagda umumy gowşaklyk, kellagyry, döş kapasada we pilçe astyndaky agyrylar, köplenç, keseliň ilkinji kliniki alamatlary bolýar. Näsaglarda güýçli üşütme bolup, ol kähalatda gaýtalanýar. Gartaşan adamlarda dynçlykda dem alşyň ýygylaşmagy we dem gysma bolýar. Gyzdyrmaklygyň dowamlygy 10 güne çenli bolup bilýär. Üsgülewük keseliň ilkinji gününden başlap, ähli hassalarda diýen ýaly duş gelýär. Üsgülewügiň ilki gury bolup, soňundan nemli-iriňli, gakylykly bolmagy mümkin. Käwagt üsgülewük keseliň 4-5-nji gününden başlanýar. Näsaglaryň deri örtükleri solak bolýar, gartaşan adamlarda bedeniň, çetki agzalarynyň gögümtil reňkde bolmagy mümkindir. Bejergi gijikdirilende näsagyň ýagdaýy agyrlaşýar. Dem alyş çaltlaşýar, dem alyşda burun ganatlary ýellenýär. Kähalatlarda has köp zeper ýeten öýken dokumasynyň üstünde çäklenen plewritiň alamaty bolan agyry kesgitlenýär. Agyry näsag dem alanda we üsgürende güýçlenýär, şol sebäpli näsaglar ýüzleý dem alýarlar.

Pnewmoniýanyň anyklanylyşy

Ýokarda agzalan keseliň alamatlarynyň bolmagy, degişli kliniki laborator barlaglaryň ýagny: ganyň umumy derňewi, gakylygyň mikroskopiki barlagy geçirilýär.  Döş kapasasynyň rentgen barlagy, kompýuter tomografiýa barlagy giňden ulanylýar.

Keseliň bejerilişi

Maşgala lukmanlarynyň iş tejribelerinde pnewmoniýalaryň ambulator görnüşi ýygy duş gelýär. Häzirki wagtda bu keseliň gaýra üzülmeleri seýrek duş gelýär. Keseli bejermekde esasy orny antibakterial bejergi tutýar.

Antibakterial derman serişdelerini diňe lukmanyň maslahaty esasynda kabul etmeli. Öýken sowuklamasynda immuniteti güýçlendirýän, gakylyk gopduryjy, witamin derman serişdeleri bilen bejergi geçirilýär. Bejergini lukmanyň gözegçiliginde, ýatymlaýyn şertlerde kabul etmeli.

Saglygyňyz barada alada ediň! Oňa jogapkärçilikli çemeleşiň! Sagdyn boluň!

Narjan Kurbanowa,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: