Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy ruhubelentligiň we rowaçlygyň ak ýolundan eşretli geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek we ýokary derejedäki sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şahsy göreldesi hem-de ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, bu ulgamy dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirmek meselelerine hem örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhubelent, sagdyn ýaşamak üçin zyýanly endiklerden daşda durmalydyr. Bu bolsa, ilki bilen, adamlaryň özlerine bagly bolup durýar. Sebäbi ynsan ýaramaz endige baş goşýan bolsa, onda ol, ilki saglygyny, soň hem öz erkini ýitirýär. Şeýle ýagdaýa düşmezlik üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri bu gün mynasyp miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň, dürli bäsleşikleriň we sport ýaryşlarynyň gözbaşynda adam hakyndaky alada durýar. Halkyň saglygy we ruhubelentligi üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Ruslan HAÝDAROW,
Darganata etrap hassahanasynyň inçekesel bölüminiň bölüm müdiri.