Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy (gipertoniýa) — bu, köplenç, biri-biri bilen baglanyşykly geçýän, gaýra üzülmelere getirýän kesellerdir. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglarda başga keselli näsaglar bilen deňeşdirilende 2 esse köp duş gelýär. Arterial gipertoniýa
süýjüli diabetli näsaglaryň saglygyna düýpli täsirini ýetirýär, ýagny bu näsaglarda ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynda gaýra üzülme ähtimallygy has ýokary bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýagnyarterial gipertoniýa getirýän esasy sebäpleriň biri-de insulinorezistentlilikdir.
Insulinorezistentlilik — munuň özi adam bedeniniň insulin gormonyna duýgurlygynyň peselmegidir. Şonuň netijesinde dokumalarda gandaky glýukozany kabul etmeklik ukyby peselýär. Insulinorezistentlilik, esasan hem, semiz adamlarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý birbada ýüze çykmaýar, diňe metaboliki bozulmalar başlanan wagty bilinýär. Adamyň beden-agram indeksi
35-40%-den ýokary bolan ýagdaýynda insuline duýgurlyk 40%-e çenli peselýär.
Insulinorezistentlilik giperinsulinemiýa (ganda insuliniň mukdarynyň ýokarlanmagyna) getirýär. Insulin gandaky kalsiý we natriý duzlarynyň öýjügiň içine geçmekligine täsir edýär. Olar hem öz gezeginde gan damarlarynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjylyk ukybyna täsirini ýetirýär. Netijede, öýjügiň içine kalsiniň akymy ýokarlanýar, damarlaryň dilýatasiýasy (gowşap giňelmegi) we ownuk gan damarlarynda ganaýlanyşygynyň bozulmasy bolup geçýär. Gandaky glýukozanyň ýokary mukdary gan damarlarynyň içki gatlagyna gös-göni zäherleýji täsirini ýetirýär. Bu bolsa öz gezeginde damarlaryň ýylmanak myşsalarynyň gysylmagyna, soňra giperplaziýasyna (galňamagyna) we aterosklerozyň emele gelmegine, netijede gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär.
Arterial gipertoniýa hem öz gezeginde insulinorezistentliligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Arterial gipertoniýaly näsaglarda ownuk kapillýarlaryň petiklenmegi, ýagny ýapylmagy bolup geçýär. Skelet myşsalaryndaky ownuk kapillýarlaryň ýapylmagy ondaky gan akymynyň peselmegine getirýär, bu bolsagandaky glýukozanyň dargamagynyň peselmegine, ýagny insulinorezistentlilige getirýär. Netijede, arterial gipertoniýanyň özi hem 2-nji tipli süýjüli diabetiň
döremegine getirýän alamatlar toparyna degişli bolup durýar.
Semiz gipertoniýaly, süýjüli diabetli näsaglarda ýag we uglewod çalşygynyň işjeňliginiň bozulýanlygy sebäpli ýürek-damar ulgamyndaky we böwreklerdäki gaýra üzülmeler: ýüregiň işemiýa keselleri, ýüregiň ýiti infarkty, kelle beýni ganaýlanyşygynyň ýiti bozulmalary, gözüň torly gatlagyna gan öýmeleri, böwrek ýetmezçiligi has ir ýüze çykýar.
Bu iki keseliň gaýra üzülmeleriniň öňüni alyp bolýar. Munuň üçin keseliň öňüni almaklyga täsir edýän we sagdyn durmuş düzgünlerini berjaý etmeklik boýunça maslahatlara uýmaklyk ýeterlikdir. Esasan hem, bu keselleriň semiz adamlarda duş gelýänligi sebäpli horlanmaklyk, iýmitde nahar duzunyň möçberini azaltmak (bir gije-gündiziň dowamynda 3 gramdan köp bolmaly däl), zyýanly
endiklerden gaça durmak, fiziki maşklar bilen meşgullanmak, mysal üçin, günde 30 minut töweregi çalt ýöremek, hepdede 3 gezek bir sagat töweregi suwda ýüzmek ýaly endikler adam bedeniniň insuline duýgurlygyny artdyrýar.
Näsag lukmanyň gözegçiligi bilen gandaky glýukozanyň mukdaryny we arterial gan basyşynyň görkezijilerini kadada saklamaly, ýagny glýukozanyň görkezijisi 6,1 mmol/l; arterial gan basyşynyň 130/85 mm simap sütüninden ýokary bolmaly däl.
Şeýle hem öz-özüňe gözegçilik etmek, öý şertlerinde yzygider gan basyşyny, glýukozanyň mukdaryny glýukometr arkaly ölçemek we onuň görkezijilerini ýörite gündelige bellemek dogry bolar.
Bu gündeligiň görkezijileri saglyk öýlerinde endokrinolog, kardiolog, maşgala lukmanlary bilen ara alnyp maslahatlaşylsa, berilýän bejerginiň netijeli bolmagyna we keseliň gaýra üzülmelerini has irki döwürde öňüni almaga ýardam eder.
Rana AÝLIÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň lukmany.