BIZE YAZYARLAR

Saglygym — baş baýlygym

 Köpler sähelçe işi şowuna düşmese darygyp başlaýarlar. Şeýle dartgynlyk ýagdaýlary  biologiki taýdan garramaklygy tizleşdirýär. Netijede, datgynlylyk ýagdaýynda ýaşaýan adam olara garşy durup bilmese, tiz garrýar. Garrylygy yza çekmek üçin, öz duýgularyňa erk etmegi öwrenmeli, kyn ýagdaýlardan çykalgalary zyýanly endikleren gözlemeli däl-de, durmuş gyzyklandyrmalaryndan tapmaly. Zyýanly endikler çilimkeşlik, neşekeşlik adamyň her bir beden agzasynyň garramagyna sebäp bolýar. Ýöne olaryň ýetirýän weýrançylygy ilki-ilkiler göze ilmeýär. Çilimkeşlik öýken we deri keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Emma alymlaryň soňky geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde çilimiň  akyl ukyplaryny hem peseldýändigi subut edildi. Çilim 10000 nerw öýjügini öldürýär. Ölen nerw öýjükleriniň gaýtadan dikeldilmeýändigi bolsa, hemmelere mälimdir. 13-14 ýaşly ýetginjekleriň şeýle endikler bilen meşgullanmazlyklary üçin her bir ene-atanyň we mugallymyň olary peýdaly pişelere gönükdirmekligi hökmandyr.

Adam näçe ýaşandygyna seretmezden, bolgusyz ýere gaýgyçyl bolmakdan saklanmaly. Şonuň üçin-de, her bir adam özüniň degna dartgynlyklaryny gowşatmak üçin azyndan 2-3 usuly bilmelidir. Muňa öz-özüňi köşeşdirmek, dem alşy kadalaşdyrmak,  maşklary ýaly usullary mysal getirmek bolar.

 Hünärmenler kuwwatlylyk taýdan çäklendirilen, ýöne ýokumlylygy ýokary bolan berhizleriň adamyň ömrüni uzaldyp bilýändiklerini belleýärler.

Dogry berhizler saglygy berkitmäge niýetlenip, esasan-da iýmiti dogry kabul etmeklige daýanýandyr. Şeýle berhizler ýürek-damar keselleriniň, süýji we rak keselleriniň öňüni alýandyrlar. Gereginden artyk iýmek, artykmaç agram tiz garramaga sebäp bolýarlar, kesellere uçradyp bilýärler. Bedende ýaglaryň, duzuň we şekeriň gereginden artyk bolmagy hem saglygyň gowşamagyna sebäp bolýandyr.

Elbetde, bu maglumatlar begendirip bilmez, ýöne yzygiderli ýerine ýetirilýän fiziki maşklar garrama ýagdaýyny azyndan 20 ýyl gaýra çekip bilýär.

Durmuşda, dogrudan-da, gymmatly bolan zatlara: ýakynlaryna bolan söýgä, asuda gatnaşyklara üns bermek her birimiz üçin peýdaly bolardy. Adamlaryň ýaşaýyş ýörelgeleri olaryň ömrüni uzaldyp-da, gysagaldyp-da bilýär. Her kim öz saglygy barada ýaşlykdan alada etmelidir.

Maşgalada berilýän terbiýe, ene-atanyň gylyk-häsiýeti çaganyň saglygyna täsir edýär. Öýlerinde hemişe degşip-gülşülip, agzybyr ýaşaýan maşgalada terbiýelenýän çagajyklar ruhubelent, özlerine ynamly bolýarlar.

Aýratyn mähir bilen gurşalan, mydama manyly gürrüňleri diňlän çagajyklar zehinliligi, ynsanperwerligi, akyl taýdan ösenligi bilen deň-duşlaryndan saýlanýarlar.

Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, adamyň çagalygyndan iýýän iýmiti onuň ulalan wagtynda hem saglyk ýagdaýyna täsir edýän eken. Ýokumly iýmitler, gözel ýerlere guralan gezelençler, ýaş aýratynlyklaryna görä dürli mazmunly oýunlar, filmler olaryň fizizki we akyl taýdan kämilleşmekligi üçin peýdalydyr.

Maýa Durdyýewa,

Türkmenabat şäheriniň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphançysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: