Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzda lukmançylygyň kämil hukuk binýady döredildi. Bu babatda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we ýene-de birnäçe kanunçylyk namalary onuň aýdyň mysallarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan gözbaş alyp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul eden taryhy Kararnamasy bütin adamzady sagdyn gurşawda işjeň hereket bilen ýaşaýşyny üpjün edýän ýagşy ýörelge boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär» diýip, buýsanç bilen belleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny barha berkidip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Artur BABAKULYÝEW,
Darganata etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminiň müdiri.

