BIZE YAZYARLAR

“Saglygym-baş baýlygym”.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arakadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar.

Merdana türkmen halkymyz üçin “Saglyk” iň uly baýlyklaryň, gymmatlyklaryň biri bolup durýar. Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn jemgyýetini ösdürmekde şeýle hem ýurdumyzyň ilatlarynyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak maksadyny gazanmaklyk üçin welaýatlarymyzyň şäher we obalarynda saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalarynyň, derman kärhanalarynyň, dynç alyş seýilgähleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr. Ondan başga-da türkmen ene topragymyzda ösýän adam saglygyna şypaly birnäçe dermanlyk otlaryndan  çaýlaryň ençeme görnüşleri taýýarlanylýar. 

Bütindünýä Saglyk güni diňe bir biziň ýurdumyzda däl eýsem, dünýä ýüzünde giňişleýin bellenilýän baýramdyr. 1950-nji ýyldan başlap, “Bütindünýä Saglyk günini bellemeklik hakyndaky” Karar kabul edildi.  Ýurdumyzda saglyk çäreler her ýylda aprel aýynyň bütin dowamynda örän işjeň, dabaraly ýagdaýlarda geçirilýär. Bütindünýä saglyk gününde ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörüşlerini guramaklyk däbe öwrülip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Örän gysga wagtyň içinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kämil derejede alyp barmaklyk üçin ýurdumyzyň her çar ýanynda  dünýä ülňülerine laýyk gelýän birnäçe stadionlar, sport mekdepleri, sport meýdançalary, sport we bedenterbiýe sagaldyş toplumlary, atçylyk sport toplumlary, şeýle hem Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherçesi gurlup, kämil-döwrebap sport düzümleri döredildi. Bularyň ählisi bolsa sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde, halkyň geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramakda, türkmen milli sportyny halkara derejesinde ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda saldamly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersiniň mugallymy

  Kulyýewa Oguljahan Döwletgeldiýewna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: