BIZE YAZYARLAR

Saglygym ― baş baýlygym

Gahryman Arkadagymyz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. 

Saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi sagdyn iýmitlenmekdir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, adamyň saglygynyň 60-70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň esasy şertleriniň biri-de kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini ýerine ýetirmekdir.

Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda, çaganyň hem ukudan we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, dürli oýunlary oýnamak bilen (ýüpde towusmak, halkalarda her hili maşklary ýerine ýetirmek, howluda futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek we ş.m.) boş wagtyny gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.

Ýurdumyzda öndürilýän gökdür miwe, bakja önümlerimizi talabalaýyk arassalanandan soň, ter görnüşde ulanmak wajypdyr. Bu iýmit önümleri ak bazarlardan we söwda merkezlerinden satyn alynmalydyr. Gündelik iýmitiň düzümi witaminlere, beloklara, dürli peýdaly minerallara baý bolmalydyr. Şu maksat bilen ter miwedir gök, et we süýt önümlerini, kakadylan miweleri köpräk iýmek lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik eserler toplumynda ylmy esasda öwrenilen üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek arkaly howpsuz mikroklimaty üpjün etmeli, şeýle hem yzygider çygly arassaçylyk işlerini geçirip durmaly. Şu döwürde günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassa agyz suwuny yzygiderlikde, bedene agram salman içmek maslahat berilýär. Beden synalaryny taplamak zerur, munuň üçin çagalykdan başlap arassa howada köpräk gezelenç etmeli, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Içerini ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda duran suwdan içmek maslahat berilmeýär.

Ýokarda aýdylan düzgünler dogry we doly berjaý edilende, adam bedeniniň kesele garşy goraýjylyk ukyby beýgelip, möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alyp bolar. Ähli zadyň seresi — saglyk, janyňyz sag bolsun!

Bägül KADYROWA,

Lebap welaýat «Ene mähri» merkeziniň ginekolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: