BIZE YAZYARLAR

Saglygy goraýyşdaky belent sepgitler

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä hil derejelerine çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barha rowaçlyklara beslenip, bu ugurda döwletimiz tarapyndan ägirt uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda dünýä hil ülňülerindäki, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän saglygy goraýyş desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almaga gönükdirilen işleriň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini hem bellemek gerek. «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleri munuň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Umuman, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändigine saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler hem aýdyň güwä geçýär.

Serdarguly ALLAŞOW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň näsag bäbekler bölüminiň lukmany.