BIZE YAZYARLAR

Saglygy goraýyş we derman senagatynda ýetilen sepgitler

10-njy oktýabr Türkmenistanda hünär baýramy — saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Häzirki günde hassahanalaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Okgunly ösýän we Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy giň halkara hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirýän taraplara çäksiz mümkinçilikleri açýar. Bejergi we saglygy dikeltmegi guramak nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi serişdeleriniň eksport gymmatyny ýokarlandyrmak bilen, häzirki günde dünýä derejesine çykýar.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalary ýerli dermanlyk ösümlik çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmek ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýär. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig mallardan bejeriş serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, bejeriş häsiýetli mineral suwy öndürýän “Berzeňňi” kärhanasyny görkezmek bolar. “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşiginiň kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny doly kanagatlandyrýar. “Buýan” agrosenagat toplumynyň önümleri-de ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, keselleriň öňüni almak — bu keseller barada habardar etmäge ýa-da töwekgelçilik alamatlaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň uly toplumydyr. Bu çäreler umumy (adamlaryň maddy üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy, derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň we lukmançylyk hyzmatlarynyň, ilatyň zähmet, ýaşaýyş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy we beýlekiler) we ýörite (lukmançylyk-sanitar, arassaçylyk we epidemiýa garşy) häsiýetli bolýar. Daşarky täsirler esasynda döreýän ähli töwekgelçilik alamatlaryny azaltmaga gönükdirilen işler kesellere garşy göreşmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle çäreler we ileri tutulýan ugurlar işlenip düzülende, kesellere garşy göreşmek ulgamyndaky özgertmelerdir ýörelgeler aýratyn orny eýeleýär. Şunda netijeli binýatlaýyn çäreler irki anyklaýşy we oňaýly bejerişi üpjün edýän ilkinji lukmançylyk-arassaçylyk kömeginiň esasynda geçirilip bilner.

Dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk barha berkidilýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary, derman serişdeleri we öňüni alyş sanjymlary bilen elýeterli üpjün etmekde gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan ykrar edilýär. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan Türkmenistana ýörite nyşanyň gowşurylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda hem işjeň tejribe alşylýar. Olaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly sport desgalary — stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin howuzlar, döwrebap sport toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Olarda bedenterbiýe, sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi bilimli, giň gözýetimli, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň netijesinde Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda häzirki günde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edildi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň

1-nji Saglyk öýüniň USB lukmany Jumaniýazowa Nargiza Joragulyýewna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: