• Wed. Sep 30th, 2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministligi örtük dakynmagy maslahat berýär

Jul 15, 2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministligi örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 13-nji iýulda türkmen metbugatynda hemmelere bildiriş bilen ýüzlendi. Bildirişde her bir adamyň köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berilýär.
Ministrlik bu ýagdaýy şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň 21 göterim artandygy bilen baglanyşdyrýar. Şeýle howa şertleriniň bolsa adam bedenine oňaýsyz täsir edýändigi aýdylýar.
Şu günler Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini dakynmak köpçülikleýin wagyz edilýär.

Поделиться ссылкой: