BIZE YAZYARLAR

Saglyga peýdaly miweler

Ýurdumyz gözel tebigaty bilen birlikde dermanlyk ösümliklere, derman hem iýmit häsiýetli miwelere we bakja önümlerine baýdyr. Bu miweler zerur bolan ýokumlaryň bedenimize aralaşmagyny ýola goýýar.

 Pomidor. Hususan-da garry adamlaryň fiziki we zehin taýdan saglygyna zerur bolan antiokislendiriji maddalary düzüminde saklaýan pomidor gan damarlaryny hem goraýar.

Garpyz. Ýokumlara we minerala örän baý bakja önümidir. Garpyzyň düzüminde örän köp mukdarda С ýokumy we düwnük kesellerine garşy täsiri bolan minerallar bar. Onuň düzümindäki kaliý ýüregiň işjeňliginiň we gan basyşynyň kadaly ýagdaýda bolmagyna ýardam berýär.

Erik. Erik ýürek urgusyny kadalaşdyrýar, içegeleri ýumşadýar, işdäňi açýar we iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär.

Şetdaly. Şetdaly ýüregiň rahat bolmagyna täsirini ýetirýär, bedeni düwnük kesellerine garşy goraýar. Şeýle-de ol iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini güýçlendirýär.

Ülje. Üljäniň myşsa agyrylylaryny aýyrmaga peýdasy bar. Ol düzüminde şekeriň mukdarynyň azdygy sebäpli az kaloriýaly miwe hasaplanylýar. Ülje suwsuzlygyňy hem gandyrýar.

Üzüm. Üzümiň düzüminde ýigrimiden gowrak antiokislendiriji madda bar. Ol böwrekleriň işjeňligini ýokarlandyrýar, bagry arassalaýar. Gara üzüm bedenimizdäki käbir öýjükleri täzeläp bilýär.

Ýertudana. Ýertudana çilim tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirini azaldýar. Aşgazanyň we içegeleriň gowşaklygyny düzedýär. Bedeniň gyzgynlyk derejesini kadaly ýagdaýda saklaýar. Ýertudananyň suwy dişde daşjagazlaryň döremeginiň öňüni alýar.

 Taýýarlan: Bagtyýar Haknazarow,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: