BIZE YAZYARLAR

Saglyga beslenýär asuda Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýşy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn berilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň iş şertleri ýyl-ýyldan görnetin tapawutlanýar. Indi lukmançylyk tehnologiýalarynyň Germaniýa, Russiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly ösen döwletlerinden gelen gonaklar hem Türkmenistandaky saglyk merkezleriniň enjamlaşdyrylyşyna diýseň ýokary baha berýärler. Ýekeje mysal: Türkmenabat şäherinde mundan birnäçe ýyl welaýat köpugurly hassahanasynyň peýda bolmagy bilen ozal paýtagta, gerek bolsa daşary ýurtlara gidilip, em gözlenilýän dertler indi hut öz
welaýatymyzda bejerilýär. Indi, gerek bolsa, derdine em gözläp, goňşy welaýatlarymyzdan Türkmenabada gelýän adamlar hem az däl. Milli Liderimiziň ― Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan ýekeje saglyk merkezi durmuşymyzy şeýle özgerdip bilýär. Ýa-da etrap hassahanalarynyň
durkunyň düýpli özgerdilmegi, watandaşlarymyza saglyk serpaýyny paýlaýar.
Ynsan saglygy hakda alada täze merkez gurup, ony döwrebap derejede enjamlaşdyranyň bilen tamamlanmaýar. Şol enjamlary kämil derejede dolandyryp biljek başarjaň lukmanlaryň taýýarlygy hem zerur. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni hem hiç haçan ünsden düşürenok. Birki ýyllykda koreýaly, ýaponiýaly, germaniýaly tejribeli professorlaryň welaýatymyzda iş saparynda bolup, kärdeşleri bilen tejribe paýlaşandygyny habar beripdik. Lebaply saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin milli Liderimiziň tagallasy bilen dünýä döwletlerinde saparda bolup, ösen tejribäni özleşdirip gelýärler. Olara daşary ýurtly kärdeşleri bilen onlaýn görnüşde tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň irginsiz aladalary bagtyýar watandaşlarymyza saglyk serpaýyny paýlaýar.
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olary ýok etmek boýunça ýokary netijeler gazanylýar. Muny halkara derejesinde dünýäniň iň abraýly guramalary ykrar etdiler hem-de bu barada degişli sertifikatlar berildi.
Soňky wagtlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we kabul edýän il bähbitli Kararlary esasynda ýokanç däl kesellere garşy göreşmeklige-de uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda şu babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Munuň özi, ozaly bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatyň
saglygyny berkitmäge, bedeni taplamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ornaşdyrmaga, çilimkeşlige, temmäki önümleriniň täsirinden ilaty, aýratyn hem ýaşlary goramaga gönükdirilendir. Mundan başga-da häzir sagdyn iýmitlenmegi, dürli keselleriň öňüni almagy döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga aýratyn uly üns berilýär. Bu işleriň kanunçylyk binýady hem pugtalandyrylýar. Olary üstünlikli berjaý etmeklige gönükdirilen çäreleriň tutuş toplumy amala aşyrylýar. Şol çäreler bolsa biziň hassahanamyzyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ilat arasynda bolup, çilimiň, spirtli içgileriň, temmäkiniň ynsan durmuşyna ýetirýän zyýanyny giňden wagyz edýärler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işine resminamalaryň dolanyşygyny kompýuterleşdirmegiň, elektron usulynyň ornaşdyrylmagy, tutuş ýurt derejesinde hyzmatyň hilini, netijelerini hasaba almagy, gözegçilikde saklamagy ýeňilleşdirdi. Optiki-süýümli aragatnaşygyň ýola goýulmagy bitewi maglumatlar binýadyny döretmäge, ondan ähli lukmançylyk edaralarynyň
peýdalanmaklaryna mümkinçilik berdi. Bu bolsa uzak aralykdan tejribe alyşmaga, maslahatlaşmaga giň ýol açdy. Munuň özi, çylşyrymly hirurgiýa operasiýalaryny ýerine ýetirmäge, gaýragoýulmasyz lukmançylyk çärelerini amala aşyrmaga gezek gelende, tapylgysyz kömekdir. Biz, mundan beýläk-de
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryny üstünlikli berjaý etmäge, halkyň saglygyny goramaga işjeň gatnaşarys. Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän eziz Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza welaýatymyzyň ähli lukmanlarynyň adyndan köp sag bolsun aýdýarys.

Döwlet EGEMBERDIÝEW,
Lebap welaýat Deri-wenerologiýa hassahanasynyň lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: