Danalarymyz: «Saglyk ― baýlyk» diýip belleýärler. Dogrudan-da, ähli zadyň sakasy bolan saglyk hemmelere gerek ýeke-täk baýlyk. Ýurdumyzda sagdynlyk ýörelgelerini berjaý etmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän lukman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek we ösdürmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak babatynda ýokary netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda öňden alyp barlan işleriň hem-de häzirki döwrüň ösüşleriniň many-mazmuna beslenýändigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde döredilen milli saglyk ulgamy häzirki wagtda dünýäniň ösen tejribeleri bilen utgaşdyrylyp, döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen gurlan döwrebap hassahanalar, şypahanalar we saglyk merkezleri ilatyň saglygyny goramakda möhüm orun eýeleýär. Welaýatymyzda soňky ýyllarda täze saglyk desgalarynyň ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrýar.
Ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky üstünlikleriň giňden wagyz edilmeginde we durmuşda geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn orun eýeleýär. Gazna çagalaryň saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli maşgalalara goldaw bermek ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýeri gelende belläp geçsek, bu ajaýyp gaznanyň serişdeleriniň hasabyna welaýatymyzyň çagalarynyň onlarçasynda çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirilip, saglygyna gowuşdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda iň uly taslamalaryň biri hökmünde Arkadag şäherinde gurlan Medisina klasterini görkezmek bolar. Bu ýerde öndürilýän lukmançylyk klasteriniň önümleri bilen welaýatymyzyň saglyk merkezleri hem doly üpjün edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän ajajýyp eserleri bolsa diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Lukman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze ajaýyp eserinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen beýik sepgitler dogrusynda söhbet açylýar. Kitapda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürüň içinde saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşli özgerişler beýik sepgitlerde beýanyny tapýar. Bu ajaýyp kitap iňe bir türkmen lukmanlary däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenler üçin hem gymmatly gollanma öwrüler. Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly ilatymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlandy. Bu hyzmatlary guramakda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, bu günki gün bütin dünýäde ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ösüşler biziň ýurdumyzda adam, onuň, jemgyýetiň sagdynlygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny subut edýär. Çünki sagdynlyk ýaşaýyşa söýgi.
Maýa DURDYÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphana müdiri.
