Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler bolsa her birimizi buýsandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Geçen ýyl «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ynsan saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi kämilleşdirilip, täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp
ulanmaga berildi. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Türkmen halky täze taryhy döwrümiziň ajaýyp seneleriniň birine — hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär.
Bitaraplyk has giň mana eýedir. Ol ynsan saglygy düşünjesinden-de asla üzňe däldir. Çünki ýurduň asudalygy ynsanlara rahatlyk berýär, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen ýeten bütindünýä şöhraty bolsa ruhumyza ganat bekledýär. Kalby rahatlygyň, ruhubelentligiň adam saglygyna oňyn täsirini ýetirýändigi bolsa hemmelere mälimdir. Özem biziň Bitaraplygymyz
diňe bir öz ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluny kepillendirmän, eýsem, dünýä ösüşiniň, adamzadyň geljeginiň hem hukuk we ruhy ýagdaýyny alamatlandyrýar. Çünki bitaraplyk syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlarynyň çäginde halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen düzgünlerine ähli döwletleriň we jemgyýetleriň eýermegini gazanmakda döwrüň täze
filosofiýasy hökmünde öňe çykýar. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ösdürmek bilen, häzirki dünýä gatnaşyklarynyň täze garaýyşlaryny düýpli hem-de ulgamlaýyn kemala getirýär, halkara derejä çykarýar. Bu tagallalar dünýäniň giň goldawyna mynasyp bolýar. Adamzat ýaşaýşynyň geljegini kepillendirmäge gönükdirilen islendik ýörelge dünýäde ýagşy umyt döredýär.
Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk ýörelgesini döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasyna öwrüp, dünýäde giňden dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly üstünlikli dowam etdirýär. Türkmeniň Döwlet baýdagy asudalygyň nyşany, Döwlet senamyz bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazydyr. Baýdagymyz Ýer ýüzüniň haýsy künjeginde pasyrdasa, Döwlet senamyz nirede ýaňlansa, şol ýerde dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak bar. Döwletimiziň abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde şeýle belent derejä çykmagy bitaraplyk syýasatymyzyň üstünligidir. Häzirki döwrüň syýasy, durmuş, ruhy ösüşiniň nusgasyny kemala
getirmekde Bitarap Türkmenistanyň has öňe gidendigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň beýik taryhy ornuna, milli we ählumumy derejedäki wajyp ähmiýetine güwä geçýän hakykatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülşen KURBANOWA,
«Farap» şypahanasynyň USB lukmany.
